Sagdyn durmuş wagyz edildi

29 Ýanwar 2021
1240

Ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzda netijeli çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilip durulýar. Şeýle duşuşyklaryň biri hem Serdar etrabyndaky 14-nji orta mekdepde geçirilip, oňa saglyk ulgamynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, bilim işgärleri, okuwçylar gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, olardan goranmagyň usullary barada durup geçdiler. Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy adamyň saglygy, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Şonuň üçin agyz-burun örtüklerini dakynmalydygy nygtaldy. Şeýle hem ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek maslahat berildi.

Gülsona AŞYROWA,
TMÝG-niň Serdar etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.