Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir. Birek-biregiň arasynda özara paýhasly gatnaşygy berkitmek, ýaşlary jemgyýete peýdaly işe ugrukdyrmak, olarda asylly sypatlary terbiýelemek we ösdürmek halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Bu il-ýurt bähbitli işe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Ştatdan daşary habarçymyz Ödegeldi Kulyýew bu jemgyýetçilik guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa bilen söhbetdeş bolup, 2021-nji ýyl üçin olaryň öňünde kesgitlenilen wezipeler boýunça alyp barýan işleri hakynda gürrüň bermegini haýyş etdi.
— Ýaş nesliň döwlet tarapyndan goraglylygynyň üpjün edilmegi, şu maksat bilen kabul edilýän maksatnamalar, durmuşa geçirilýän meýilnamalar bizi ruhlandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygy bilen 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisinde Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar baradaky komitetiň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümiň döredilmegi ýaşlar hakda edilýän aladanyň ähmiýetiniň iňňän uludygyny görkezýär.