Ene toprak(rowaýat)

28 Ýanwar 2021
1659

Has irki döwürlerde bar yhlasyny ýere hyzmat edip, ykbalyny daýhançylyga baglan bir daýhan ýaşapdyr. Ol ene ýeriň eçilýän rysgal-berekedinden döwlet tapyp, güzeranyny oňat dolandyrýan eken.

Günlerde bir gün keseki ýurtlaryň birinden alamançylar dökülip, daýhany ýesir alyp gidipdirler. Talaňçylaryň ýurduna baranlarynda-da, ol aglap-eňräp özüni ýitirmändir. Ony ýesir alan adam maşgala ýagdaýy barada soraşdyrypdyr. Soň bolsa: «Men seni ýurduňa goýbersem, näçeräk möçberde pul tölärsiň?» diýip sorapdyr. Daýhan özünde artykmaç puluň ýokdugyny, aýalynyň, hem dört sany çagasynyň bardygyny, olaryň agzyndan kesip töleg töläp bilmejekdigini aýdypdyr. Onda hojaýyny: «Beýle bolsa men seni bazara çykaryp, soralan baha sataryn» diýipdir.

Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.