Şahyryň dostluk söhbedi

28 Ýanwar 2021
1723

Görnükli şahyr Mämmet Seýidowyň milli ruha we çuňňur duýgulara ýugrulan goşgulary özüniň tematiki taýdan baýlygy we köpgyraňlylygy bilen tapawutlanyp, türkmen-täjik edebi gatnaşyklarynyň ösmeginde hem möhüm orny eýeleýär. Şu makalamyzda XX asyrda türkmen-täjik edebi gatnaşyklarynyň ösüşini şahyr Mämmet Seýidowyň döredijiliginiň mysalynda yzarlamagy maksat edindik.

Şol döwürde täjik ýazyjydyr şahyrlary bilen Türkmenistandan gelen wekilçilikli topar Wahş jülgesine gezelenç edip, şol ýerdäki mekdepleriň birinde geçirilen duşuşyga gatnaşýar. Şahyr M.Seýidow bu ýerdäki döredijilik duşuşygy barada ýazan «Ýatlar ýaly zat kän» publisistik ýatlamasynda: «Wahş jülgesiniň mekdepleriniň birinde garaýagyz oglanjyk maňa bir desse gül getirip berdi. Men ol oglanyň özüne aýtmasam-da, onuň ajaýyp şahyr bolmagyny arzuw etdim. Näme üçin? Täjigistanda şahyr azmy? Kän. Onda-da Mürze Tursunzada, Mirseýit Mirşeker, Dehoti, Baky Rahymzada ýaly meşhur şahyrlar köp. Emma ol oglanyň öz wasp etmeli zatlary bar» diýip belleýär. Oglanjygyň geljekki durmuş ýoly baradaky pikir, şahyry öz erkine goýmaýar. Netijede, M.Seýidow «Gül beren oglan» atly şygryny ýazyp, öz pikir-arzuwyny şeýle teswirleýär:

Dursunjemal BABALYÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalarinstitutynyň ylmy işgäri.