Sagdynlygyň gözbaşy

28 Ýanwar 2021
1325

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçe geňeşliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy we howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy etrap häkimliginiň degişli meýilnamasynyň çäginde guraldy. Oňa geňeşligiň işgärleri hem-de şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdy.

Duşuşykda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap hassahanasynyň işgärleri, maşgala lukmany çykyş edip, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler, şeýle-de häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar barada gürrüň berdiler. Onuň barşynda gorag serişdelerini, şol sanda agyz-burun örtüklerini ulanmak, sahşy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmek, sagdyn we kadaly iýmitlenmek dogrusynda aýdylanlar uly täsirleri galdyrdy. Bellenilişi ýaly, köpçülik ýerlerinde kesgitlenen aralygy saklamak, agyz-burun örtügini ulanmak şertini we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şeýle-de edara-binalarda öňüni alyş-zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek esasy talap bolup durýar. Munuň özi dürli kesellerden goranmagyň möhüm şertidir.