Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda hem gurluşyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Şeýle işleriň netijesinde kemala gelen merjen şäherimiziň täsin binagärlik keşbi halkymyzyň göz-guwanjyna öwrüldi.
Soňky ýyllarda bina edilýän desgalaryň hasabyna paýtagtymyzyň çägini giňeltmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly bolsa gojaman Köpetdagyň etegindäki gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan desgalar toplumynda hem duýulýar.