Ömürleriň badalgasy, barlygymyzyň binýady, müdimiligiň mesgeni bu Watandyr. Watan beýiklikleriň baş ölçegi. Ýogsam pederlerimiz hem bu düşünjäni keramat saýyp, onuň üçin gara başlaryny orta goýup, özlerine berlen iň gymmatly baýlygy — ömürlerini töwekgellige salmazdylar. Elbetde, türkmen ýigidi gerek bolsa şirin janyny ähli zatdan gymmatly keramata bagyş edip biljek merdanadyr.
Hawa, Watan, ýurt, toprak barada ýazylanlaryň we onuň waspyna düzülen şygyrlaryň sany-sajagy, belli hasaby ýok. Belli bahasy bolmadyk, hasapsyz gymmatlygy söýmek, ony gözüň göreji deýin goramak bu günki nesilleriň mukaddes borjudyr. Geçmişde ata-babalarymyz mukaddes Watanyň goragyny özleriniň gerçek ýigitlerine, merdana perzentlerine ynanypdyrlar.