Belent maksat — nurly geljek

27 Ýanwar 2021
1712

Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar zenanlary Gahryman Arkadaymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda  amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ýaş nesliň sowatly, ylymly, bilimli, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi babatda uly işleri alyp barýarlar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi milli däpdessurlarymyza laýyklykda terbiýelemekde, önümçiligiň dürli pudaklarynda gelingyzlarymyz yhlasly zähmet çekýärler, ata Watanymyzda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Maşgala mukaddesligini berkitmekde, sagdyn, döwrebap bilimli nesli kemala getirmekde zenanlaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilýär. Milli Liderimiz: «Ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan üstünliklerde zenanlarymyzyň saldamly goşandy bardyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda mährem enelere, eli çeper zenanlara, gelin gyzlara goýulýan sarpanyň belentdigi bizi diýseň buýsandyrýar. Bular barada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagynyň dowamynda işjeň söhbet edildi.

Zübeýda MYRADOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.