Paýhas ösüşiniň görkezijisi

27 Ýanwar 2021
2710

Heňňamyň gatlaryndaky baý taryhy agtarsaň, halkymyzyň kitaba, kitap okaýan sowatly, düşünjeli, bilimli, ylymly adamlara uly hormat goýandyklaryny görmek bolýar. Irki döwürlerde beýik türkmen şahsyýetleri pähim-parasata ýugrulan we özünde gymmatly maglumatlary jemleýän kitaplaryň ylmy ojaklary bolan kaşaň kitaphanalary gurdurypdyrlar. Gadymy Nusaýda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda we Merwde iri kitaphanalar bolupdyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de dünýä ölçeglerine laýyk derejede rejelemek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär, halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Eziz Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde häzirki zaman enjamlary bilen doly üpjün edilen döwrebap kitaphanalar ulanylmaga berildi. Olarda giň mümkinçilikler döredilendir.

Gülnabat ANNATAGANOWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».