Jemgyýet we raýat gatnaşyklary rowaçlanýar

13 Ýanwar 2021
1706

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda, raýat bilen jemgyýetiň, döwletiň özara baglanyşygyny üpjün etmekde jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ähmiýeti örän uly. Syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan möhüm wakalara işjeň gatnaşyp, raýatlarymyzy döwür bilen aýakdaş gitmäge çagyrýarlar, olary ýokary zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, ata Watanymyzyň gazanýan ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaryny we milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleri, döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary wagyz etmek, giň halk köpçüligine düşündirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. Şeýle mazmunly çäreler wagyz-nesihat duşuşyklary, dabaraly maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler görnüşinde geçirilýär. Bu işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleri işjeň çekilýär. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly çärelere il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar, şeýle hem dürli ulgamlarda, pudaklarda zähmet çekýän hünärmenler işjeň gatnaşýarlar.

Jemal GULBAÝEWA,
TDP-niň Görogly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.