Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

14 sagat öň
21

Batyr HANKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor:

— Gahryman Arkadagymyzyň adam hakyndaky aladany esasy ugur edinýän asylly başlangyçlary hemişe uly goldawa eýe bolýar. Biz bu hakykata Milli Liderimiziň Awtomobil sport toplumynyň täze guruljak binalar toplumynyň taslamasy bilen tanyşmaga baran pursatlarynda nobatdaky gezek göz ýetirdik. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz birnäçe oňyn teklipleri öňe sürdi. Alym Arkadagymyz sport toplumynyň bina ediljek ýerinden aýrylýan arassa ak çägeleriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan çagalar baglarynyň, sebitlerdäki çagalar meýdançalarynyň zerurlyklary üçin ulanylmagynyň, şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançasyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň yhlasly tagallalary raýatlarymyzyň bagtyýar şu gününi, eşretli ertirlerini nazarlaýar.