Bazarlarda Täze ýyl söwdasy dowam edýär

22 Dekabr 2024
5

Islendik ýaşdaky adamyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygy, megerem, Täze ýyl bolsa gerek.

Türkmençilikde yrym bar: «Täze ýylyň ilkinji gününi nähili garşylasaň, tutuş ýyl şo hili geçýär». Şonuň üçin-de adamlar bu baýramçylykda ýakyn hossarlaryny, dostlaryny begendirmek, olaryň ýüzüne şatlyk, begenç duýgularyny çaýmak maksady bilen, Täze ýyl sowgatlaryny gowşurýarlar. Nazu-nygmatdan dolduryp, saçak ýazyp, myhman garşylaýarlar. Elbetde, alnan sowgatlyklaryň, ýazylan saçagyň has göwnejaý bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, biziň ilkinji duralgamyz bazardyr söwda merkezleri bolýar.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».