Önümçilik tejribeligi üstünlikli tamamlandy

22 Dekabr 2024
5

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, kämil ynsan bolup ýetişmekleri üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, bu bolsa ýaşlary saýlap alan hünärlerinden doly baş çykaryp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklyga iterýär. Şunda, ilkinji nobatda, nazaryýetde alan bilimiňi tejribelikde özleşdirmek zerur şertleriň biri hasaplanylýar. Munuň üçin bolsa ýurdumyzyň ähli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplar nazary bilimlerini tejribede özleşdirmekleri üçin ýörite bellenilen ýerlere ugradylýar. Şunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň 12 hepdelik önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda geçip gelmekleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Meniň talyplyk durmuşymda hem bu gezekki önümçilik tejribeligi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Çünki maňa hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň saýasynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda geçmek bagty miýesser etdi. Önümçilik tejribeliginiň dowamynda Ilçihana hem-de onuň konsullyk bölümine daşary ýurt raýatlaryndan hem-de şol ýurtda bolýan watandaşlarymyzdan gelip gowuşýan dürli arzalar boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolduk. Öz saýlap alan hünärimiz bilen bagly iş endiklerini hem özleşdirdik. Diplomatik tejribäniň başlangyç ýollarynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ussat halypalary tarapyndan berlen nazary bilimleriň amalyýetde uly itergi beriji güýçdügine aýdyň göz ýetirdik.

Aýna BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetiniň talyby.