Dost-doganlyk köprülerini berkidip

1 gün öň
45

Türkmenistanyň dürli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Bitaraplyk syýasatyna möhüm orun degişlidir. Bu syýasat döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda medeni diplomatiýa uly orun berlip, ol yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen köp sanly halkara çäreler medeni dialogyň has-da işjeňleşmegine getirdi.

Ýeri gelende bellesek, «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda hem dürli görnüşdäki baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de ol türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýetara hyzmatdaşlygyna esaslanýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň eýýäm ikinji gezek «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi olaryň gadymy taryhyna we baý milli medeniýetine ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň ünsüni çekmäge, özgertmeler ýolunda häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. 2015-nji ýylda bu hormatly ada Mary şäheri eýe bolupdy. Bu şäheriň şeýle derejä mynasyp bolmagynyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam beren çäreler üstünlikli geçirildi.

Aýgözel RAHMANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.