Berkarar döwletimize şatlyk-şowhun paýlap gelen Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň bagtyýar çagalary üçin hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Welaýat häkimliginiň guramagynda «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde döwletli çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.