Döwletli desgalaryň ýalkymy

1 gün öň
29

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gözel paýtagtymyzda bina edilýän desgalary, şaýollary, ýaşaýyş toplumlaryny, seýilgähleri, şeýle hem beýleki medeni-durmuş maksatly binalary synlanyňda, bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň goşalanýar. Yzygiderli gurulýan binalaryň sany gün-günden artyp, şäheriň gözelligine görk goşýar. Bu günki gün ak şäherimiz Aşgabat öňküden-de gözel keşbe girdi. Ine, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär, toý lybasyny geýen paýtagtymyzyň şaýollarynyň, seýilgähleriniň, dynç alyş merkezleriniň täsin bezegleri göwnüňi galkyndyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ata Watanymyzda agzybir, zähmetsöýer halkymyz ähli baýramçylyklary ruhubelentlikde toýlaýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki gözleri gamaşdyrýan, dürli öwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezelen Täze ýyl arçasy her bir ynsanyň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar. Dürli öwüşginli çyralar, täsin oýnawaçlar bilen bezelen arçalar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Täsin bezelen, owadan arçalar geçip barýan ýyla hoşallyk, geljek ýyla bolsa badalga berýär.

Babaguly GOŞAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.