Bitaraplyk — umumadamzat gymmatlygy

1 gün öň
42

Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşyp, ol ähli döwürlerde-de türkmenleriň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklandygyna şaýatlyk edýär. Göwnaçyklyk, myhmansöýerlik, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, geçirimlilik we ähli halklar bilen ylalaşykly ýaşamak türkmenlere mahsus bolan häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz her bir meseläni paýhas bilen çözüpdirler, öz perzentlerini hem şol ruhda terbiýeläpdirler. Bu bolsa halklaryň arasyndaky özara ynamy, ylalaşygy has-da berkidipdir.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşyklary nusgalyk derejede alyp barýar. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Aslynda adamzat döräli bäri ösen jemgyýetleriň aladasy parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolupdyr.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.