Şatlygymyz goşalandy

1 gün öň
57

Täze ýylyň bosagasynda Ak bugdaý etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desganyň gurlup ulanylmaga berilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Häzirki zaman desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak biz — ýaşlar üçin has-da ýakymly boldy.

Täze desga aýlanyp gördük, onuň çägindäki binalarda ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlygy bilen tanyşdyk. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň soňky tehnologiýalaryny, kämil enjamlaryny görüp diýseň begendik. Telekeçilerimiziň şeýle desgalary ýokary talaplara laýyklykda gurýandygyna guwanjymyz artýar.

Jeýhun SAPARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.