Başagaýlyk

1 gün öň
67

Täze ýyl baýramynda maşgala agzalarymyz bolup, naz-nygmatlar bilen bezelen saçagyň başyna jemlendik. Her kim dürli-dümen tagamlardan dadyşdyryp, birek-birege süýji arzuwlaryny ýollaýardy. Kiçi agtygym Maýsajygyň welin, saçak bilenem, daşyndaky myhman-mediwanlar bilenem seri ýokdy. Irgözinden bezenip beslenensoň ol otagda diken arçamyzyň daşynda aýlanyp, çagalar bagynda öwrenen goşgudyr aýdymlaryny zol-zol gaýtalaýardy. Soňabaka ol howlugyp:

— Aýazbaba haçan gelerkä? — diýip, kä penjireden jyklap, käte gapynyň ýanyna baryp, diňşirgenip başlady. Men:

Ödegeldi KULYÝEW.