Merkezi Aziýa: agzybirlik, abadançylyk, rowaçlyk

2 gün öň
75

Birnäçe gün mundan ozal Diýarymyzda ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzyň tutuş dünýäde, ilkinji nobatda, ýaşaýan sebitimiziň döwletleri bilen dostana gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygy, Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, abadançylygyň giňişligi bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi barada gürrüň etmek aýratyn ýakymly, çünki munda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň öňe sürýän gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda, 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara üns çekildi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Golaýda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama hem kabul edilipdi. Bu üstünlikler Milletler bileleşigi bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.