Täze ýyla — täze ýaşaýyş toplumynda

2 gün öň
77

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günler ýurdumyzda şanly wakalara, toý şatlygyna beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça beýik başlangyçlary esasynda uly işler, ösüşler bilen täze belentlikleri nazarlaýan Daşoguz welaýatynda hem tamamlanyp barýan ýylyň bu günleri ajaýyp wakalar bilen nurlanýar.

Ozal habar berlişi ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol welaýatda giň gerimde alnyp barlan iň uly gurluşyklaryň biridir. Ilatyň döredijilikli zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap toplumda 1496 hojalyga niýetlenen jemi 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy, saglykdyr söwda merkezleri, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem-de durmuş maksatly desgalaryň ençemesi bina edildi. Umumy meýdany 71 gektara barabar bolan täze toplumdaky ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşykçylary, 38 sanysynyň gurluşyk işlerini ýerli hususy kärhanalaryň işçileri alyp bardy. Şol gün bu gözel künjekde şatlykly wakalaryň ýene-de biri bolup geçdi. Täze toplumyň gabadynda «KamAZ» okuw-hyzmat merkeziniň ajaýyp binasy ulanmaga berildi. Aýratyn binagärlik keşbi bilen bu ýere görk berýän merkeziň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

Amanmyrat SAPAROW.
“Türkmenistan”.