Çaga terbiýesi - mukaddes ýörelge

23 Dekabr 2024
44

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň başlangyç ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli bilim hem terbiýe edaralarynda, çagalar bakja-baglarynda körpelere asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Çünki, çaga terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe babatda aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbiýe bermek ata-enäniň borjudyr. Şonuň üçin hem türkmen nakyllarynda “Edep - bergidir, bermedige - görgüdir” diýip bellenilýär. Aslynda, türkmen halky perzendini sözüň üsti bilen, paýhasly sözler bilen terbiýelemegi, görelde görkezmegi ýörelge edinipdir. Ýaş nesiller iň oňat edim-gylymlary ýagşy atadan görelde alypdyrlar.

Gülnaz ÝAGMUROWA,
Dänew etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň usulyýetçisi, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.