Toý-baýramlar – bagtyýarlyk nyşany

2 gün öň
53

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günler, aýratyn-da agşam çagyndan soň paýtagtymyz boýunça, «Garaşsyzlyk», «Bitarap Türkmenistan», «10 ýyl abadançylyk» mahlasy ähli şaýollarynda hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslarynda daş-töweregi synlap gitmek, şol şaýollaryň ýanýodalarynda gezelenç etmek ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi hemme ýerdäki, esasan hem ýokarda atlandyrylan şaýollaryň ugrundaky arçalary bezäp öwşün atýan yşyklar kalplara ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuny bagyş edýär. Ruhuňy göteriji şeýle täsin hem täsirli görnüşleri ýurdumyzyň ähli ýerinde görmek bolýar. Halkymyz Täze ýyly uly umyt-arzuwlar hem-de şatlyk bilen garşylaýar.

Täze ýyl baýramçylygy ýylyň ilkinji günlerinde bellenilip, ol ýylyň dowamynda toýlanjak toý-baýramlaryň başydyr. Diýarymyzda ilimiziň agzybirliginde, ýurdumyzyň asudalygynda, durmuşymyzyň abadançylygynda we bagtyýarlygynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralar şatlygymyza şatlyk goşup, ildeşlerimizi agzybirlige, jebislige, has-da eşretli günlere, täze üstünliklere, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen beýik işlerine öz goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».