Täze ýyla göwün göteriji sowgatlar

24 Dekabr 2024
102

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli estrada aýdymçylarynyň konsertlerine badalga berildi. Ilkinji konsertiň maksatnamasynyň aglaba bölegini eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebowyň we Ahmet Atajanowyň, şeýle-de Annaberdi Orazmämmedowyň aýdymlary düzdi. Joşgunly çykyşlar Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi.

Eýranly estrada aýdymçysy Emin Rasen dabaranyň başynda ata Watany Türkmenistanda konsert bermegiň we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň «Serkerde», «Turan», «Gaýgy etme» ýaly aýdymlary tomaşaçylarda watançylyk, mertlik, aslyňa buýsanmak ýaly belent duýgulary oýarmak bilen, aýratyn ruhubelentlik bagyşlady. Eýranly türkmen aýdymçysynyň Annaberdi Orazmämmedow bilen bilelikde ýerine ýetiren «Türkmenistan» we «Magtymguludyr» atly aýdymlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň ajaýyp üstünlikleriniň waspnamasy bolup ýaňlandy. Ahmet Atajanow bilen bilelikde ýerine ýetirilen «Watannama» atly aýdym hem dünýä giňişligindäki halkara abraýy barha ýokarlanýan Bitarap Watanymyza bagyşlandy. Eýranly aýdymçynyň «Tans oýnalyň», «Başyňy yrama», «Eller ýokary» atly aýdymlaryny dabara gatnaşyjylar aýratyn şowhun bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň tansly çykyşlary-da sahna özboluşly bezeg berdi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Hasan MAGADOW.