Türkmenistan — Malaýziýa: uzak menzil, ýakyn dostluk

23 Dekabr 2024
74

Aslynda, bir sebitde mesgen tutup, goňşy oturmak birek-birek bilen ýakynlyga, ýürekdeşlige ýol açýar. Gatnaşyklaryň ýygy-ýygydan ýola goýulmagyna, ysnyşykly hyzmatdaşlyga esas döredýär. Emma aralykda uzak menzilleriň ýatandygyna garamazdan, şeýle mähribanlygyň, ýürekdeşligiň saklanmagy ikitaraplaýyn dostlugyň, hakykatdan-da, mizemezdigine, «Gözden yrak — göwünden yrak» diýen sözüň hakyky gardaşlyga täsirini ýetirmeýändigine güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda, gepleşiklerde munuň şeýledigine ýene bir gezek şaýat bolduk. Iki ýurduň arasynda ençeme dagdyr düzleriň, deňizdir derýalaryň ýatandygyna garamazdan, dostlukly halkyň mähribanlygyny, ýürekdeşligini, myhmansöýerligini her pursatda duýmak ýakymly duýgulary bagyş etdi.

Asylly ýörelgeler

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».