Adamzadyň ýoluny ýagtyldan ruhy şamçyrag

23 Dekabr 2024
74

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly geçmişine berilýän bahalar, ol baradaky pikir ýöretmeler aýratyn ünsüňi özüne çekýär. Kitapda ilkibaşdan ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biriniň milli buýsanç arkaly kemala gelýändigi, milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhynyň durandygy barada öňe sürülýän pikirleri gaýta-gaýta okaýarsyň. Hakykatdanam, geçmişe göz aýlasaň, dünýäniň kämilleşmegine, halklaryň biri-birine ýakynlaşmagyna, parahatçylygyň pugtalanyp, halkara gatnaşyklaryň ösmegine ata-babalarymyzyň goşan goşandy az däl. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda bu barada örän parasatlylyk bilen pikir ýöredilýär.

Gahryman Arkadagymyz taryhy döwürler hakynda alymlarymyzyň ýazan ylmy işlerini hem täze pikir-düşünjeler, kesgitlemeler bilen ýerlikli baýlaşdyrypdyr. Bu bolsa örän ýerine düşüpdir. Kitapda öňe sürülýän gymmatly oý-pikirler, gelinýän netijeler, kämillige gönükdirýän ugurlar biziň üçin uly bir mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu eser bütin halkymyza ýapylan Täze ýyl sowgady boldy. Biz bu ajaýyp kitaby adamzadyň ýoluny ýagtyldan ruhy şamçyrag hökmünde kabul edýäris.

Gözel HAMDAMOWA,
Çärjew etrabyndaky 24-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.