PARAHATÇYLYGYŇ GÖZBAŞY

20 Dekabr 2024
95

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Döwletimiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň agzalygyna kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Çynar ORAZOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.