«Haýyrly guýy» (Hekaýa)

19 Dekabr 2024
111

Orazgylyç baýyň münen hyýalyna şaýat bolanlaryň gözi tegelendi. Gan bilen giren gylygynyň birsözlülikdigini magat bilýän adamlar: «Diýenini bitirmese, ondan Orazgylyç baý bolarmy» diýişdiler. Şondanam başlandy: «Gyzyltoýun takyrda» çig kerpiç guýup ugramaly. Sany dört müňe ýetende, goýbolsun etmeli. Galypdan çykan kerpiçleri zynç ýaly gatatmaly. Galamasy soň maglum ediljekdir». Gyzylgumuň içindäki ýaýbaň oýlaryň birinde ýazylyp-ýaýnap oturan Üçguýy obasynda şondan soň, baý, ibirtde-zibirtlik başlanandyr-a!

Bijin ýylynyň bahary kükräp geldi. Nowruzyň burny görnüp-görünmänkä, gök ýüzünden Burkut babanyň meşiginiň «takyrdysy» eşidildi. Bol ýagyşdan ýaňa Gyzyltoýun takyry agzy-burny bilen doldy. Ýumşaksy howasynam berdi weli, Gyzylgum gyzyl haly düşelene dönäýdi. Ir örýän ýylakdyr ýekegulak, arpagandyr üzärlik-hä beýlede dursun, sakar ýorunja, gyzyljabaş, aktiken, çopantelpek, ýabany sogan, ýabany süle, göýül ýaly ot-çöplerem ýer göterip çykdy. Pah, onsoň guzularyň guýruklary tegeleniberdi. «Şirbazy ir iýýän bolduk» diýip, dodak ýalaýanlaram köpeliberdi. «Şirbaz» diýilýänem tüýi togarlanybermedik guzynyň eti. Ony iýmek üçinem tükenmeýän malyň bolmaly. Ine, Orazgylyç baýy bükgüldä salýan zat. Ol goşa güpjegi ýassanyp, ajy çaýy şirpildedip ýatyşyna, mundan bir hepde öň Gutly baýyň toýunda bolan gürrüňi ýatlady. Peýwere gürrüňiň ahyry gün-güzerana, kesp-käre dolandy. Orazgylyç baý:

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.