Iň köp okalýan dramaturg

19 Dekabr 2024
138

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda sözüni, ylhamyny senede öwrüp, nesillere ýadygär goýup giden dünýä belli ägirtleriň heýkelleri oturdyldy. Şolaryň arasynda meşhur iňlis ýazyjysy, şahyry, dramaturgy Wilýam Şekspiriň hem heýkeli bar.

Maglumatlara görä Wilýam Şekspir 1564-nji ýylyň 23-nji aprelinde, Eýwonyň ýakasyndaky Stratford şäherinde dünýä inýär. Onuň üýtgeşik zehini çagalygyndan ýüze çykyp ugrapdyr. Ol eýýäm ýaşlyk ýyllarynda fransuz, italýan, ispan dillerini kämil derejede bilipdir. Wilýamyň surat çekmekde we saz çalmakda aýratyn ukyby bolupdyr. Ösümlikleriň dünýäsi-de ony örän gyzyklandyrypdyr. Ene-atasy onuň islendik ukyp-başarnygyny goldamaga çalşypdyr. Şeýlelikde, ol Stratforddaky mekdepde bilim alyp, soň okuwyny korol Eduardyň mekdebinde dowam etdirýär. Juda ir öýlenmegi zehinli ýigidiň durmuşynda bellibir derejede kynçylyklary döredýär. Ol iki ýyl soň, ýagny 20 ýaşynda Londona göçüp, güzeran üçin teatrda islendik işe kaýyl bolmaly bolýar. Emma zehin islendik şertde-de özüniň «öwüşginini» äşgär edýär. Wilýama-da teatrda kiçeňräk keşpleri ynanyp ugraýarlar.

Taýýarlan Şeker DURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.