Habarlar

6 Ýanwar 2021
1730

Möhüm meýdan işleri
Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga irgözinden girişdiler. Şu günler hojalygyň 16 sany kärendeçiler toparynyň babadaýhanlary ýerleri ýaz ekişine taýýarlaýarlar. Meýdan işlerini geçirmekde daýhan birleşiginiň kärendeçileri, mehanizatorlary, hünärmenleri tutanýerli zähmet çekýärler. Mehanizatorlardan Saparmät Aranow, Begençgeldi Pirjanow dagy gündelik tabşyryklary abraý bilen berjaý edýärler. Daýhan birleşiginde ýerlere gyş suwuny tutmaga hem taýýarlyk görülýär. Hojalygyň çägindäki 12 sany suw çykaryjy enjamlar abatlanyp, taýýar edildi. Şeýle-de gowaça meýdanlarynda çil çekmek, kölçelere bölmek işlerine girişildi. Häzirki möhüm meýdan işlerinde Aýnur Meredowa, Nurgözel Narlyýewa, Uzukjemal Italmazowa, Tagan Durdyýew, Gurbanmyrat Orazbaýew ýaly öňdebaryjy kärendeçiler oňat görelde görkezýärler.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,
TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.