Bagta rowan menziller

18 Dekabr 2024
97

Her bir döwletiň, halkyň taryhyna, durmuşyna altyn harplar bilen ýazylan wakalar, ajaýyp pursatlar bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşlerdir özgerişler, ýetilen belent sepgitler Diýarymyzyň täze taryhyny şöhratlandyrýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri ähli halkymyzy guwandyrýar. Gözel paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde bolşy ýaly, welaýatlarymyzyň durmuşy hem uly özgerişler we ösüşler bilen dabaralanýar. Gurlup ulanylmaga berilýän senagat desgalary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlary Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygarynyň anyk netijeleridir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi bolsa daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary we şereketleri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýär we berkidýär. Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda bilelikdäki kärhanalaryň ençemesi peýda boldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda zawoddyr fabrikleriň ençemesi üstünlikli guruldy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, maý aýynda bolsa Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň ulanylmaga berlendigini ýatlamak ýakymlydyr.

Toýly KURBANOW,
Köýtendag etrabynyň bilim bölüminiň hünärmeni.