Rysgal-berekediň gözbaşy

18 Dekabr 2024
118

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklamak maksady bilen ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki olary rejeli we netijeli peýdalanmak häzirki zamanyň talaby bolup, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýän wajyp mesele. Hut şu nukdaýnazardan hem Gahryman Arkadagymyz 3-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitinde eden taryhy çykyşynda suwy netijeli ulanmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Sebäbi daşky gurşawy goramak, tebigy baýlygymyz bolan suwy aýawly saklamak we ýerlikli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem suwuň her bir damjasyny edil altyn dänesi ýaly tygşytly ulanmaga gönükdirilen çäreleriň halkara derejesindäki ähmiýeti günsaýyn artýar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi. «Bitewi suw» sammiti Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

Muhammet GURDOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.