Hünär kämilligi — ussatlyga ýol

17 Dekabr 2024
247

Golaýda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky Döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň guramagynda «Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde saýlama okuw dersleriniň okadylyşy we usuly işleriniň ýola goýluşy» atly usuly-amaly okuw guraldy. Oňa welaýatyň orta mekdeplerinden saýlama okuwyny okadýan mugallymlar gatnaşdy. Orta mekdeplerde saýlama okuwlaryny döwrebap guramak we okatmagyň işjeň usullaryndan peýdalanmak baradaky söhbetdeşlik arkaly guralan bu usuly-amaly okuwyň esasy maksady saýlama okuwlaryny okadýan mugallymlaryň hünär kämilligini gazanmakdan, okuwlary talabalaýyk ýola goýmakdan ugur alýar.

Ady agzalan merkeziň müdiri Jumageldi Annamämmedow Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaş nesil üçin döredilýän mümkinçilikler, bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilişi barada täsirli çykyş etdi. Şeýle hem ugurly ders okuwy, taslama işi, döredijilik işi ugurlary boýunça saýlama okuwlaryny guramagyň düzgünleri, edilýän talaplar, ýerine ýetirmeli işler, saýlama okuwlarynyň okuw maksatnamasy we ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy, gündelik sapak ýazgysy, mugallymyň iş başarnygy, okuwçynyň ylmy-döredijiligini ösdürmek, zehinli okuwçylary ýüze çykarmak barada birnäçe usuly maslahatlar berdi.

Gyrmyzy MAŞADOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy.