“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

17 Dekabr 2024
129

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirildi. Deslapky tapgyrlaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň has köp sesini toplan ýaşlary seçip aldylar. Olaryň köpüsi eýýäm Türkmenistanda geçirilýän dürli festiwallarda çykyş edip, tejribe topladylar. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry baş baýragyň eýesini kesgitlemekden ybarat boldy. Bu işe aýdym-saz sahnasynyň ýokary derejeli ussatlary hem goşuldylar.