Ak öýleriň zynaty

6 Ýanwar 2021
2247

Howanyň çigräp başlamagy naýbaşy milli senetçilik önümlerimiziň biri bolan keçäniň durmuş, lukmançylyk we ruhy ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki keçe aýazly gyş aýlarynda özge düşek küýsetmeýär. Boz keçe örtülen altyn başly ak öýleriň içi gor ýaly bolýar. Ojakbaşy keçäniň üstünde dem-dynjyňy alyp, gök çaýdan ganarsyň welin, agyry-ynjyňa-da haýry degip, gök çaý janyňa melhem-derman bolaýar.

Keçäniň gözellik dünýäsi-de özboluşly jadyly sungat mysaly. Onuň täsin gülleriniň mazmunyna dili dogaly ene-mamalarymyzyň arzuw-islegleri, ýagty umytlary siňen bolsa, gyralaryna salynýan şar gara ýüňli bölegi diňe bir gözden-dilden däl, eýsem, sähra mör-möjeklerinden hem goraýar. Şoňa görä-de, parasatly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň arasynda ulanylyş taýdan dürli maksatlara niýetlenip taýýarlanylýan keçe önümlerine uly orun degişlidir. Şondan ugur alnyp, keçe milli senetçiligimiziň sungat derejesine ýetirilen kämil nusgalarynyň biri hasaplanýar. Gülleriniň sazlaşykly utgaşmasyny, kämil tehnologiýa usullaryny ulanyp basylyşyny synlan daşary ýurtly sungaty öwrenijiler bolsa türkmen keçesini ýüňden düzülen mukama deňeýärler.

Maýagül NURMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.