Mukaddes borja eýerip

11 Dekabr 2024
172

Halkymyzyň ynsan mertebesini saklaýan we ony belende göterýän milli däp-dessurlary hiç wagtda hem ähmiýetini ýitirmeýär. Olary dogry berjaý edip, dowamata atarmak ýaş nesilleriň terbiýesine, başarnygyna we yhlasyna bagly. Şol asylly däpleriň iň ähmiýetlisi hem ata-enäni hormatlamak edebidir.

Ata-ene bolmak miýesser eden her bir ynsan durmuşda özüni bagtly saýyp biler. Çünki perzent maşgala daragtyny dowamata atarýar. Her bir ene-ata perzendini ekläp-saklamak, iýdirmek, geýdirmek, ese-boýa galdyrmak, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, öýli-işikli etmek üçin ýyllarboýy yhlas edýär, köp zähmet çekýär. Perzent bütin ömrüne hyzmat etse-de, bu zatlaryň öwezini dolup bilmez. Ýöne esasy zat, perzendiň ene-atasyna goýýan hormat-sarpasydyr.

Şasoltan ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň başlygy.