Milli Lider ylhamy — göwünleriň melhemi

11 Dekabr 2024
120

Ynsany durmuşa höweslendirýän iň esasy güýç — onuň arzuwlarydyr. Arzuwlar dünýäsinde çäk ýok, onda her kim özüniň gözýetimine, dünýägaraýşyna görä arzuw edýär. Kimler şu gününiň eşreti hakynda, kimler geljegini göz öňüne getirip arzuw edýär. Olaryň ählisinde-de esasy nokat arzuw edýän ynsanyň özüne, onuň şahsy bagtyýarlygyna bagly bolup durýar. Bu ynsanlaryň tas hemmesine diýen ýaly mahsusdyr. Emma arzuwlaryň içinde şeýle bir arzuw bar. Ol diňe bir adamyň ýa bir halkyň ykbalyna täsir etmän, eýsem, tutuş adamzadyň ýaşaýşynyň ýagty hem bagtly bolmagyna gönükdirilendir. Ol arzuw — Ýer ýüzüniň parahat, asmanyň arassa, halklaryň dostlukly, adamlaryň kämil bolmagy baradaky arzuwdyr. Beýle arzuwy kalpda beslemek bolsa, kämillige gol beren, ýüregi ähli adamzada bolan söýgüden doly, köňli ylhamdan pürepür beýik şahsyýetlere mahsusdyr. Belent başlangyçlary, nurana pikirleri bilen özüni dünýä jemgyýetçiligine ykrar etdirmegi başaran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň:

Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,
Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,
Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!
Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —–
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!−—

Mähriban AMANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.