Kämillik menzilleri

11 Dekabr 2024
159

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüşinde, geçirýän özgertmelerinde ylma-bilime aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýe bolsa ylym, bilimdir» diýip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belläp geçýär. Ylym-bilim pudagy döwletimizde ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenýär.

Häzirki döwürde sanly bilim ulgamyna geçmek çalt depginler bilen alnyp barylýar. Bilimiň sanlylaşdyrylmagy okuw işiniň ilerlemegine şert döretdi. Ýurtda bilimi dünýä ülňülerine laýyk ýola goýmaga köpugurly mümkinçilikler kemala getirildi.

Şirin ÖWEZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.