Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

9 Dekabr 2024
150

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, energiýa serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak we olaryň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan meýilnama 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berildi.

«Nebit-gaz».