Gadymy ýoluň müdimi dostlary

9 Dekabr 2024
164

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda iki günläp dowam eden Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy üstünlikli tamamlandy. Onda ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň, Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň bilermenleri tarapyndan Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlän taryhy-medeni obýektleri baradaky tekliplerine seredildi.

Biz hem duşuşyga gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň bu baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Ýazga geçiren Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan».