Mukamçy kompozitor

28 Noýabr 2024
243

Ömrüni gazma dutara, aýdym-saza bagyş edip, il-güne hyzmat eden ussatlaryň ady halkyň ýüreginde hemişe ýaşaýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň baýlaşmagyna goşandyny goşan ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor, halypa sazanda Ýagmyr Nurgeldiýewdir.

Halypalary Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň sungat ýoluny dowam etdiren Ýagmyr Nurgeldiýew diňe sazanda hökmünde däl-de, mukamçy kompozitor hökmünde hem tanalýar. Onuň şahyrlar O.Gurbanowyň «Kanalym meniň», M.Annaýewiň «Ýakmasana gyz», M.Myşşyýewiň «Aý dogan çagy», «Sözlerim», N.Gozlyýewanyň «Senden geçip bilmedim» ýaly goşgularyna döreden aýdymlary we «Söýgülim», «Arzuwym», «Owazym», «Şadyýan ülkäm», «Gutlag mukamy», «Şadyýan çagalar», «Halypama», «Pyragy» ýaly sazlary halkyň söýgüsine mynasyp boldy.

Maýagözel BABALYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.