Milli mirasym — buýsanjym

27 Noýabr 2024
245

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň mirasy öwrenijileriniň arasynda yglan eden «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemini jemlemäge bagyşlanan dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynyň mirasy öwrenijileri keşdeçilik, zergärçilik, keçe we haly sungaty, milli lybaslary, alajalary, zähmet gurallary, türkmeniň ak öýüniň bezegleri, milli saz gurallary taýýarlamak bilen häli-häzire çenli ilat arasynda saklanyp galan maglumatlary, rowaýatlary, aýtgylary toplamak boýunça özara bäsleşdiler.

Dabarada ýurdumyzyň etnograf alymlary, taryhçylary çykyş edip, ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy ösdürmäge berýän uly ünsi barada buýsanç bilen bellediler. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, baş baýraga Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy Aýgözel Täşliýewa, 1-nji orna Tejen şäheriniň ýaşaýjysy Ogulmaral Öwezowa, Baýramaly etrap medeniýet merkeziniň režissýory Nurgeldi Söýünow, 2-nji orna Türkmenbaşy şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Göwher Seýitjanowa, Tejen etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy Bibisoltan Sähetgurbanowa, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Maral Gurbansähedowa, 3-nji orna Dänew etrabyndaky 10-njy çagalar bagynyň ussasy Hojanyýaz Açylow, Gyzylarbat etrabynyň medeniýet bölüminiň tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Muhammet Orazalyýew, Saýat etrabynyň ýaşaýjysy Akbike Joraýewa, Murgap etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Ýazgylyç Atageldiýew dagy mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Nurmyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hünärmeni.