Dil bilen dünýäni gezer

26 Noýabr 2024
235

Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy we bu ugurlary geljekde has-da ösdürmek ugrundaky maksatnamalar döwürdeş ýaşlarymyzdan dünýä dillerini içgin öwrenmekligi talap edýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn uly mazmuna eýe bolup durýar hem-de köp dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürlüp, iň zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle bolansoň, güneşli Diýarymyzda hereket edýän bilim ojaklarynda daşary ýurt dilleri talabalaýyk öwrenilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerine, olaryň köptaraplaýyn bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýol açýar.

Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýanyň ösmegi bilen, daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýeti has-da kämilleşdi. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren döwrebap özgerişleriniň ugry bilen ösýän milli bilim ulgamynyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda häzirki zaman kompýuterleriniň, multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy daşary ýurt dillerini öwretmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Ata-babalarymyzyň «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilen nöker — bal bilen şeker», «Dil bilenler galadyr» diýen dana sözlerinden görnüşi ýaly, halkymyz ir döwürlerde hem ene dilimiziň daşyndan beýleki dilleri öwenmeklige uly ähmiýet beripdir. Bu wajyp ýoluň dowamy hökmünde, häzirki wagtda ýurdumyzda ata Watanyň daýanjy bolan ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde üns berilýär. Munuň üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Dünýägözel URAZOWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 75-nji «Beýik Serdar nesilleri» orta mekdebiň müdiri.