Medeni wakalar

25 Noýabr 2024
297

Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şunda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Gazanylan üstünlikler giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Eziz Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatyny giňden wagyz etmek, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň däp-dessurlaryny, milli medeniýetini öwrenmek we olar bilen tanyşmak üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri we paýtagtymyzda dostlukly ýurtlaryň şeýle çäreleri geçirildi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri we beýleki medeni çäreler guraldy. Halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmekde, dost-doganlygy kemala getirmekde, Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda bu çäreleriň ähmiýeti uludyr.

«Watan».