Baglar — gözellik

25 Noýabr 2024
360

Gözel Diýarymyz bagy-bossanlygy bilen akylyňy haýrana goýýar. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde bag ekmek boýunça ählihalk dabaralarynyň geçirilip, ýaş bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagynyň bagy-bossanlygy döretmekdäki ähmiýeti uludyr. Soňky sanlyja ýylyň içinde ak mermerli Aşgabadyň daş-töwereginde, şeýle-de Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň çäklerinde millionlarça düýp agaç nahallary oturdyldy. Şonuň bilen baglylykda, oturdylan dürli baglar, şol sanda pürli, saýaly, miweli baglar, üzüm nahallary bu gün barha boý alyp, özboluşly gözellik emele getirýär. Adam eli bilen döredilýän şeýle gözellikler ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge hem ýardam edýär.

Şu şanly ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly badalga berildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň güýzünde geçen ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda Gökdepe etrabynyň täze, döwrebap obasynda — Köpetdagyň ýalkymy obasynda dürli baglaryň ýüzlerçesi oturdyldy. Obanyň gözelligini artdyran şol baglara yzygiderli ideg edilýär. Nesip bolsa, şanlyja ýyldan şol baglar ulalar, saýa salar. Oba ilaty onuň hözirini görer. Şeýle gözellikleriň döredilmegine etrabymyzyň ýaşlarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygyny buýsanç bilen bellemek gerek.

Tylla MEÝDANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.