Çeper sungatyň waspy ýetirildi

22 Noýabr 2024
262

Türkmen zenanlarynyň ýiti zehininden, döredijilikli gözleglerinden, ussatlygyndan dörän haly we haly önümleri özüniň owadanlygy, pugtalygy bilen hemmeleri haýrana goýýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda şol ajaýyp önümleri dokamak we bu senedi barha kämilleşdirmek ugrunda elleri çeper gelin-gyzlarymyz uly tagallalary edýärler. Biziň etrabymyzda hem bu senet bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Biz öz tarapymyzdan bu çeper kesp-käri wagyz etmek boýunça anyk işleri alyp barýarys. Etrabymyzyň Suwçy obasynda geçen gyzykly çäre «Kilim — halkymyzyň milli senedi» diýlip atlandyryldy. Ýatdagalyjy pursatlara beslenen medeni çärämize inçe senet bilen meşgul bolýan zenanlar, guramamyzyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, haly we kilim dokamak senedi halkymyzyň şöhratly taryhynyň gadymy köklerinden gözbaş alýar. Törleriň bezegi bolan halylardyr kilimler, sözüň doly manysynda, gözellik nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýardam-goldawy bilen ene-mamalarymyzdan miras galan bu gadymy we müdimi senet häzirki döwürde has-da kämil derejelere göterilýär. Bu barada çärede çykyş edenler giňden durup geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda çeper elli zenanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýändigi, şonuň netijesinde bu senediň uly ösüşlere eýe bolýandygy guwanç bilen nygtaldy. Medeni çäräni etrabymyzyň medeniýet işgärleri şirin labyzly aýdym-sazlary bilen bezediler.

Bazargül HESENOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.