Pursatlar

21 Noýabr 2024
335

Oguljan Makyýewa 1949-njy ýylyň 24-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda dogulýar. Ol 1967-nji ýylda şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine okuwa girýär. Talyplyk ýyllarynda çeper höwesjeňleriň toparynda, teleýaýlymlarda aýdym aýdyp, adygyp ugraýar. Ol «Saýra, dutar!», «Çalsana, bagşy!», «Näzli dildarym», «Öwezim» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

Men ýaşlykda zehinli aýdymçynyň teleýaýlymlarda goýberilýän çykyşlaryna höwes bilen tomaşa ederdim. 1975-nji ýylyň ýanwarydy. Men ol ýyllar Aşgabatda okaýardym. Dostum Meretgylyç Taganow bilen onuň gullukdaş dosty Allaberdi Makyýewiň esger salamyny gowşurmak üçin olaryň obasyna ugradyk. Sorap-idäp, öýlänler öýlerini tapdyk. Öýüň törüne gerlen halynyň ýüzünde Oguljan Makyýewanyň suraty asylgy duran eken. «Bu surat belli aýdymçynyň özümikä?» diýip pikir edip durşuma birden Oguljanyň özi geläýdi. Men höwes bilen diňleýän aýdymçymy ýakyndan görüp doňup galypdyryn. Ýaşap ýörenliginde şu ýyl 75 ýaş toýuny toýlaýmaly halypa aýdymçynyň kalbymyzyň ruhy lukmany bolan mukamlara siňen näzik sesi häzirlerem gulagymda ýaňlanyp dur.

Eminbaý MÄTWEPAÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy.