Gadymy Änew — müňýyllyklaryň ýaňy

21 Noýabr 2024
247

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmek, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki halkymyzyň beýik taryhy, döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýçdür. Şeýle hem milli buýsanjy, Watan mertebesini has-da beýgeltmek, ony ösdürmek, gurmak, döretmek üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Änew şäheriniň taryhy we onuň bilen baglanyşykly rowaýatlar aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu buýsandyryjy çözgüt türkmen halkynyň geçmişde döreden baý medeni gymmatlyklarynyň bu günki günde dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň, dünýäniň abraýly guramalary bilen dost-doganlyk, medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.

Sähra BATYROWA,
«Adalat».