Köňülleri joşduran kinofestiwal

20 Noýabr 2024
195

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzda «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal geçirildi. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemledi. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat», «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde dürli ýurtlaryň kinematografiýa ussatlary tarapyndan döredilen ajaýyp filmler görkezildi. Özüne çekiji we gyzykly filmler hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyplaryna we mugallymlaryna hem bu festiwalda görkezilen filmlere tomaşa etmek miýesser etdi. «Watan» kinokonsert merkezinde «At — myrat» atly türkmen filmine tomaşa etdik. Bu filmde türkmen behişdi bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi, eýesine wepalylygy, adam kimin duýgurlygy çeperçilik bilen beýan edilipdir. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde gazak, özbek, türkmen multfilmleri görkezildi we multfilmleriň senariýalary boýunça bäsleşik guraldy. Bäsleşikde dogry jogaplary bilip, biziň talyplarymyz hem baýraklara mynasyp boldular. «Ene hüwdüsi» atly gazak multfilminde enäniň gudratly hüwdüsiniň şirinligi, keramaty beýan edilýär. Bu kinofestiwal hünär-tehniki okuw mekdebimiziň talyplary üçin meşhur kino ussatlarynyň tejribelerinden öwrenmäge we has köp maglumat toplamaga esas boldy. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, kino sungatymyzy, medeniýetimizi has-da beýik sepgitlere ýetirýän, dost-doganlyk köprüsini açyp berýän Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Oguljahan HAÝYDOWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy.