Türkmenistan — melhemler mekany

20 Noýabr 2024
249

Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň saglyga hem-de sagdyn ýaşaýşa aýratyn üns bermegi netijesinde, ata-babalarymyz nesillerimiziň arassaçylyk kadalaryna eýermeklerini, dogry iýmitlenmeklerini, bedenlerini taplap gezmeklerini gazanypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda durmuşa geçirilýän işleriň düýp özeninde bu kadalaryň ýylsaýyn kämilleşip, döwrebaplaşýandygynyň gözli şaýady bolýarys. Çünki adamy baş gymmatlyk hasaplaýan ýurdumyzda raýatlaryň saglygy baradaky alada ileri tutulýan wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelip, şu ýyl Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde eýýäm XVI jilti giň okyjylar köpçüligine ýetirilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri dünýäniň köp dillerine terjime edilip, tebigy melhemler arkaly keselleri bejermekde giňden ulanylýan ýankitaba öwrüldi. Bu kitapda öz beýanyny tapyp, keramatly türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri esasynda taýýarlanylýan jana şypa beriji melhem çaýlary gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar. Bu melhem içgileriň diňe bir keselleri bejermekde däl-de, olaryň öňüni almakda-da peýdasy diýseň uludyr.

Annagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.